1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

  • 04.06.2026 17:17
  • 6.2k+

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda Ginnesiň rekordlar kitabynda öz orunlaryny tapmaklaryna mümkinçilik berýär.

Iň ýaş suratkeş

Ispaniýaly Jon Kristian Kaldeýra Weýbull erkekleriň arasynda dünýäniň iň ýaş suratkeşi diýlip ýkrar edildi. Rekord hasaba alnan pursadynda ol bary-ýogy on aý, ýedi günlük çagady. Onuň surat çekmäge bolan höwesi entek bäş aýlyk wagty, ata-enesi tarapyndan surat çekmek üçin niýetlenen swetodiodly planşet sowgat berleninden soň oýandy. Soňra oglanjyk reňkler bilen işläp başlady. 2024-nji ýylyň güýzünde onuň abstrakt žanrdaky suratlary Marbelýadaky çeperçilik sergisinde görkezildi we olaryň köpüsi gyzgalaňly satyldy.

Iň ýaş dizaýner

Amerikaly Maks Aleksander Pariždäki moda hepdeliginde doly göwrümli moda görkezilişini guran iň ýaş guramaçy we iň ýaş modelýer hökmünde iki sany dünýä rekordyny goýdy. Ol lybas döretmäge dört ýaşynda başlady. Ýedi ýaşynda bolsa onuň toplumy Denwerdäki moda hepdeliginde görkezildi. 2026-njy ýylda dizaýner Pariždäki Garnýe köşgünde daşky gurşawa zyýansyz bolan ekologik ýygyndysyny tanyşdyrdy. Onuň taýýarlan lybaslaryny Şeron Stoun we Debra Messing ýaly golliwud ýyldyzlary geýdiler.

Iň ýaş žurnalist

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Anişwar Kunçala dünýäniň iň ýaş gazet synçysy diýen ady aldy. Ol özüniň ilkinji awtorlyk makalasyny sekiz ýaş, 76 günlükkä ýazdy. Kiçijik žurnalist öz makalalarynda ýitip gitmek howpundaky haýwanlar barada gürrüň berip, tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi hakda özüçe mesele gozgaýar.

Iň ýaş DJ

Ýaponiýaly Rinoka zenanlaryň arasynda dünýäniň iň ýaş klub DJ-ýi boldy. Ol alty ýaş, 155 günlükkä Tokionyň Meguro etrabyndaky klublaryň birinde çykyş etdi. 70 minutlyk çykyşynyň dowamynda gyzjagaz degişli enjamlar bilen işledi we 100 adamlyk tomaşaçynyň öňünde çykyş etdi. Ol sazyň daşyndan hip-hop bilen meşgullanýar, skeýtbord sürýär we mekdepde okaýar.

Iň ýaş uniwersitet uçurymy

Amerikaly Maýkl Kirni Ginnesiň taryhyna iň ýaş uniwersitet uçurymy hökmünde girdi. Ol 1994-nji ýylyň iýunynda, ýaňy bir on ýaş, dört aýlykka Günorta Alabama uniwersitetinde antropologiýa boýunça bakalawr derejesini aldy. Dört ýyldan soň Maýkl Midl-Tennessi ştatynyň uniwersitetinde himiýa ugry boýunça magistraturany tamamlady. Ol bu ylmy derejäni alanda bary-ýogy 14 ýaş, sekiz aýlykdy.


düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......