Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

  • 02.06.2026 13:03
  • 4.3k+

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr.

Ine, Edit Koun uniwersitetiniň (Awstraliýa) barlagçylary şeýle netijä geldiler, olaryň işi «Psychology of Music» ylmy žurnalynda çap edildi.

Akademiki gurşawda fon sesiniň peýdasy barada köpden bäri jedel edilýär. Käbir gözlegler sazyň beýnini ýükleýändigini we teksti özleşdirmäge päsgel berýändigini subut etse, beýlekiler onuň keýpi we işjeňligi göterip, ýadawlygy ýeňip geçmäge kömek edýändigini belleýärler. Tankytçylaryň duýduryşlaryna garamazdan, sowalnamalar talyplaryň takmynan 75%-iniň okuw wagty yzygiderli aýdym diňleýändigini görkezýär.

Awstraliýaly psihologlar adamy aýdym-sazly gurşawy gözlemäge ýa-da tersine, doly dym-dyrslygy saýlamaga mejbur edýän şahsy häsiýetleriň haýsydygyny anyklamagy maksat edindiler.

Alymlar 226 talyby barladylar. Işiň awtorlary olaryň obýektiw kognitiw görkezijilerini ölçediler, şeýle hem olaryň gündelik endiklerini öwrendiler. Testler toplumy öz içine - işleýän ýadyň hakyky möçberini barlamagy; «Pikirleriň azaşmagyna» (adamyň näderejede aňsat ünsüniň bölünýändigine) ýykgynlygyny barlamagy; Saza bolan gatnaşygyň derejesini (onuň adam üçin gymmatlygyny) kesgitleýän soragnamany alýar..

«Aýdym-sazly» talybyň portreti

Auditoriýanyň deň derejede bölünendigi mälim boldy: sowalnamalara gatnaşanlaryň 54%-i okuw tekstlerini saz diňläp okaýarlar, 46%-i bolsa doly dym-dyrslygy saýlaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, audiofon saýlaýanlaryň özüni alyp barşynyň nusgalary örän özboluşlydyr. Okamak üçin iň meşhur ugurlar klassiki saz (48%) we rok (33%) bolup çykdy.

Talyplaryň 78%-i sözleriň manysyna ünsüni bölmezlik üçin wokal (aýdymly) sazlardan düýbünden gaça durýarlar.

54%-i haýal ritmi saýlaýar. Deňeşdirmek üçin: ýeňil mehaniki işleri ýerine ýetirende, şol talyplar 95% halatda çalt tizlikli aýdymlary, 64% halatda bolsa wokal aýdymlary goýýarlar.

Pleýeri goşmagyň esasy sebäbi hökmünde talyplar ünsi jemlemek islegini (57%), daşky sesi basyrmagy (50%), höwesi götermegi (49%) we diňe keýp almagy (37%) bellediler.

Esasy netije: ýadyň we ünsüň hiç hili dahyly ýok

Garaşylyşy ýaly, alymlar adamyň kognitiw ukyplary bilen onuň saza bolan höwesiniň arasynda hiç hili baglanyşyk tapmadylar. Ünsi gowşak ýa-da ýady az talyplar sazy ýokary görkezijili talyplardan has ýygy ýa-da seýrek saýlamaýarlar.

Ýeke-täk ygtybarly çaklama faktory — bu «saza bolan gatnaşykdyr». Eger adam gündelik durmuşynda öz keýpini sazlamaga, stresden dynmaga we emosiýalaryny başdan geçirmäge melodiýalary ulanmaga öwrenişen bolsa, ol çylşyrymly okuw wagty hem hökman saz goýar. Şol bir wagtyň özünde, şeýle talyplaryň 94%-i fon sazynyň özlerine kömek edýändigine çyn ýürekden ynanýarlar.

Ýene bir gyzykly fakt: gözlegçiler saz biliminiň bolmagy bilen gowşak, ýöne durnukly otrisatel baglanyşygy ýüze çykardylar. Çagalykda uzak wagt we hünär derejesinde saz bilen meşgullanan talyplar, okuw kitaplaryny okanda köplenç dym-dyrslygy saýlaýarlar. Olar üçin saz beýniniň awtomatiki seljerýän örän güýçli goşmaça gyjyndyryjysy bolup durýar.


şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

düýn 21:09
1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:40
2.8k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......