Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

  • şu gün 16:52
  • 1.5k+

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň saklamagyny nädogry we howul-hara edilen hereket diýip hasaplaýar.

Werhowen bu barada 24-nji maýda öz Instagram sahypasynda: «Resmi şikayatymyz aeroporta barýan ýolda tabşyryldy. Düzgünler diňe iň zerur wagtynda ulanylan ýagdaýynda many berýär» diýip ýazdy-da, goşmaça hiç zat syzdyrmady.

Garaşylan uly söweş 25-nji maý gijesi Müsürde, meşhur Giza piramidalarynyň golaýynda geçdi. Tutluşyk boks düzgünleri boýunça guraldy we 11-nji raundyň ahyrynda Aleksandr Usigiň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňiş arkaly ukrainaly boksçy özüniň agyr agramdaky WBC, WBA we IBF dünýä çempionlyk guşaklaryny goramagy başardy.

Niderlandly türgeniň nägileligine sebäp bolan waka şeýle boldy: Usigiň güýçli urgusyndan soň Werhowen nokdauna düşdi we agzyndaky gorag guralyny gaçyrdy. Ol aýaga galansoň, Usik zarply urgularyny dowam etdi. Şol pille, raundyň gutarmagyna 1 sekunt galanda, söweş emini Mark Laýson tutluşygy saklady.

Emin bu kararyny türgeniň saglygyny goramak maksady bilen kabul edendigini, çünki şol wagt Werhoweniň «özüni netijeli gorap bilmejek ýagdaýdadygyny» mälim etdi

Britaniýanyň Independent gazetiniň ýazmagyna görä, köp sanly janköýerler we bilermenler Werhoweniň haýran galdyryjy ýeňşini gazanyp bilmegi üçin oňa 12-nji (iň soňky) raunda çykmaga rugsat berilmelidigini aýtdylar. Ýöne soňra eminiň resmi utuk kagyzlary görkezilende 37 ýaşly kikboksçynyň onsuz hem utuk sany boýunça ýeňişden örän uzakdadygy belli boldy.

Aleksandr Usik bolsa öz gezeginde bu şikaýat barada: «Munuň ýaly gürrüňe boş gürrüň diýilýär» diýip jogap berdi.

Ukrainaly absolýut çempion bu tutluşygyň özüniň professional sport karýerasyndaky iň soňky boks duşuşyklarynyň üçünjisi bolandygyny mälim etdi. Onuň iň soňky garşydaşlarynyň kim we haçan boljakdygy häzirlikçe nämälim.

TotalProSports neşiriniň maglumatlaryna görä, dawaly geçen söweş üçin Usigiň haky takmynan 100 mln dollar, Werhoweniňki bolsa 15 mln dollar töweregi bolar.


düýn 15:33
8.6k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
9.8k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

18.05.2026 13:53
2.3k+

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......

17.05.2026 09:52
9.7k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....