Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

  • 18.05.2026 13:53
  • 2.5k+

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian Mbilli bilen tutluşyk geçirer. Bu barada Riyadh Season guramasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Resmi maglumatlara görä, olaryň urşy sentýabr aýynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçiriler.

Saulyň hasabynda 63 ýeňiş (39-ysy nokaut bilen gazanyldy), üç ýeňliş bar, iki duşuşyk bolsa deňme-deňlikde tamamlandy.

Mbilli bolsa, öz gezeginde, ýeňilmän gelýär. Onuň professional boksdaky rekordy 30 ýeňişden (24-üsi nokaut bilen) ybarat, ýene bir tutluşyk bolsa deňme-deň diýlip yglan edildi.


düýn 14:53
6.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......