Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

  • şu gün 14:53
  • 1.6k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi.

«Şu gün howa gowy we meniň häzirki eýelik edýän ähli guşaklarymy boşatmak isleýändigimi aýtmak üçin gowy gün. Nobatda duran ýigitleriň bu guşaklar ugrunda göreşip bilmegi üçin olaryň boş bolmagyny isleýärin» – diýip, 39 ýaşly ukrainaly boksçy yglan etdi.

Şol bir wagtda Usik karýerasyny tamamlamagy meýilleşdirmeýändigini we entek «iň soňky tansyň» boljakdygyny aýratyn belledi.

«Bu meniň oýlanyşykly kabul eden çözgüdim we ol meniň üçin täze mümkinçilikleri açar diýip ynanýaryn. Bu taryhyň soňy däl. Dowamy entek öňde» – diýip, boksçy sözüniň üstüne goşdy.

Aleksandr Usik professional ringde geçiren jemi 25 urşunyň ählisinde ýeňiş gazandy (olaryň 16-sy wagtyndan öň). Ol özüniň iň soňky duşuşygynda, 23-nji maýda Niderlandlaryň kikboksçysy Rik Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, WBC-niň çempionlyk titulyny gorady. Häzirki güne çenli ol super agyr agram derejesinde Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempionlyk guşaklaryna eýeçilik edýärdi.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....