ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA tituly ugrunda watandaşy Antonio Wargas bilen duşuşdy.
Söweş Rodrigesiň altynjy raundda tehniki nokaut arkaly gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.
26 ýaşly Rodriges ýeňilmedik boksçy derejesini saklap galdy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 24 ýeňiş bar, olaryň 17-sini wagtyndan öň gazandy.
Amerikaly boksçy professional karýerasyna 2017-nji ýylda başlady. 2022-nji ýylda ol ikinji ýeňil agramda dünýä çempiony boldy, 2023-nji ýylda ýeňil agram derejesinde birleşdirilen tituly gazandy we soňky ýyllarda ýene-de ikinji ýeňil agramda çempionlyk guşaklarynyň eýesi boldy.
Wargasyň hasabynda bolsa häzirki wagtda 19 ýeňiş we iki ýeňliş bar, ýene bir söweşi deňlik bilen tamamlandy.