Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy...