Aleksandr Usik rewanşda Taýson Fýuriden üstün çykyp, dünýä çempiony adyny gorady

  • 22.12.2024 13:06
  • 12k+

21-nji dekabrdan 22-nji dekabra geçilen gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) super agyr agramda WBC, WBA we WBO titullarynyň häzirki eýesi Aleksandr Usik bilen bu agramda öňki dünýä çempiony Taýson Fýuriniň arasynda rewanş geçirildi. Söweş tutuş 12 raund dowam edip, emin agzalarynyň Usigiň peýdasyna biragyzdan karar bermeginde (116-112) ýeňmegi bilen tamamlandy.

Söweş ukrainaly boksça ringde 23-nji ýeňşi getirdi. Şeýlelikde, ol üç çempionlyk guşagyny saklap, ýeňilmän galdy.
Bu 37 ýaşly Usigiň we Gypsy King lakamly 36 ýaşly britaniýaly Fýuriniň ikinji duşuşygy boldy. Birinjisi 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirildi we ukrainaly boksçy eminleriň tapawutly karary bilen ýeňiji diýlip yglan edildi. Fýuri ýeňlendigini boýun almady. Usik bilen söweşden öň ol ýekeje söweşinde-de ýeňilmändi, 34 ýeňşi bilen bolsa onuň bir deňme-deňligi bardy.
Usik esasy boks guramalarynyň – IBF, WBO, WBA we WBC-niň dört çempionlyk guşagyny gazanyp, 1999-njy ýyldan bäri agyr agramda ilkinji absolýut çempion boldy.
Fýuri bilen ikinji söweşe gatnaşmak üçin Usik IBF-niň çempion guşagyndan ýüz öwürdi, çünki ol öňki garşydaş bilen titul goragyny göz öňünde tutmaýardy.  
Şeýlelikde, boksçylaryň ikinji duşuşygynda ortada üç boks guramasynyň: WBC, WBA we WBO-nyň çempion atlary boldy. Olaryň eýesi “birleşdirilen” dünýä çempiony titulyny alýar.
Usik bilen Fýuriniň ikinji söweşine professional boksuň taryhynda ilkinji gezek emeli aň gözegçilik etdi, ýöne ol ýeňiş baradaky çözgüde goşulmady. Şeýle-de bolsa, emeli aň hem ukrainaly boksçyny ýeňiji diýip atlandyrdy.
Söweşe gatnaşandyklary üçin boksçylar rekord gonorar: umumy 190 mln dollar alar.


30.05.2026 08:45
7.9k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....