Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

  • 30.05.2026 08:45
  • 8.5k+

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde 29-njy maýda geçirildi.

​Imankuliýew garşydaşyny nokout edip, tutluşygy eýýäm birinji raundda möhletinden öň tamamlady. Türkmen türgeniniň garşydaşy professional derejede 8 ýeňşi, 1 ýeňlişi we 1 deňme-deň oýny bolan tanzaniýaly boksçy Adam Daçady. Boks ýarym agyr agram derejesinde (69,8 kg çenli) geçdi.

Geçirilen bu tutluşyk Hursand Imankuliýewiň professional derejedäki ilkinji titully söweşi boldy.

Hursand Imankuliýew — halkara derejeli sport ussasy, Türkmenistanyň 10 gezekki çempionydyr. Ol şeýle hem ýurduň adyndan dünýä çempionatlarynda we Aziýa oýunlarynda çykyş etdi. 2017-nji ýylda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň bürünç medalyny eýeledi, 2018-nji ýylda bolsa Polşada geçirilen Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy.

​​World Boxing Council (WBC) — dünýäniň öňdebaryjy dört boks guramasynyň biri bolup, ol 1963-nji ýylda esaslandyryldy. WBC Eurasia tituly bolsa sebit çempionlyk guşagy bolup, guramanyň resmi reýting ulgamyna girýär.


18.06.2026 14:40
3.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....