1600 m belentlikde söweş: Podmoskowýeniň asmanynda üýtgeşik boks söweşi geçirildi

  • 13.03.2025 17:48
  • 15k+

Podmoskowýede Serpuhow sebitinde taryhda ilkinji gezek asmanda boks söweşi geçirildi. 1600 metr belentlikde iki söweşiji howa şarynyň gümmezinde söweşip, dünýä rekordyny goýdy diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

Söweşe taýýarlyk üç ýyl dowam etdi we onlarça hünärmeniň, kaskadýorlaryň gatnaşmagyny we berk howpsuzlyk çärelerini talap etdi. Jemi bäş gezek synanyşyk edildi, şolardan üçüsi şaryň deşilmegi sebäpli şowsuz boldy. Ýöne guramaçylar pikirden ýüz öwürmedi we netijede söweş geçirildi. Ol bäş raund dowam etdi.
Taslamany öňe sürüji bolup türgen, ekstremal Sergeý Boýsow çykyş etdi.

“Bu taslama diňe bir rekord däl-de, eýsem sportuň öz-özüňi ýeňmäge nähili kömek edýändiginiň mysalydyr. Boksda her bir söweş – bu gorky, agyry, öz çäkleriň bilen göreş. Biz 1600 metr belentlige galdyk, söweş geçirdik, soňra paraşýut bilen bökdük. Bu gorkularyň bize ösmäge päsgel berýändiginiň nyşanydyr, ýöne olary ýeňip geçmek bilen, biz has güýçlenýäris” – diýip, Boýsow gürrüň berdi.

Taslama Russiýanyň boks federasiýasynyň goldawy bilen amala aşyryldy.




düýn 17:17
2.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
10k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....