TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

  • 30.05.2026 11:26
  • 10k+

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen guramanyň 11-nji Kongresinde biragyzdan kabul edildi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar 2025-nji ýylda CAFA-nyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlaryň netijelerine baha berdi, şeýle hem guramanyň auditor barlagynyň hasabatlaryna seretdi. Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýa sebitinden wise-prezident wezipesine hasaba alnan ýeke-täk dalaşgär boldy.

Kongresiň işine CAFA-nyň ýolbaşçy düzüminiň we sebitiň milli futbol guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň arasynda assosiasiýanyň baş sekretary Ulugbek Karimow, şeýle hem Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň we birleşmeleriniň ýolbaşçylary hem-de baş sekretarlary bar.

Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda esaslandyryldy we özüniň doly derejeli işine 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan başlady. Guramanyň düzümine alty sany döwlet girýär: Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Eýran we Özbegistan. CAFA-nyň ştab-kwartirasy Täjigistanda ýerleşýär.

2019-njy ýyldan bäri assosiasiýanyň prezidenti wezipesini Täjigistanyň wekili Rustam Emomali eýeleýär. Onuň ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Baş sekretar wezipesini bolsa 2019-njy ýyldan bäri onuň watandaşy Ulugbek Karimow ýerine ýetirýär.


şu gün 14:17
67

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
12k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......