Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

  • 26.05.2026 09:58
  • 10k+

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji ýyla çenli dünýä ummanynyň derejesi 1,9 metre çenli galar. Bu ýagdaý dünýä boýunça ýüzlerçe kenarýaka şäherleri we peslikde ýerleşýän sebitleri suw astynda galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz edýär.

Alymlar bu gezek adaty statistik modelleşdirme usullaryny dünýäniň iň öňdebaryjy klimatologlarynyň seljermeleri bilen birleşdirdiler.

– Dürli çaklama usullary köplenç biri-birine bütinleý ters netijeleri berýärdi. Biz olaryň hemmesini bir görnüşe jemläp, iň ähtimal bolan üýtgeşme diapazonyny takyk kesgitlemegi başardyk – diýip, barlagyň awtorlaryndan biri, doktor Benjamin Grendžer düşündirýär.

Eger kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylary berk gözegçilige alynmasa (iň erbet ýagdaýda), suwuň galma derejesi 0,5 metrden 1,9 metre çenli bolar. Munuň esasy sebäpleri gyzgynlyk zerarly umman suwunyň göwrüminiň giňelmegi we polýar buzluklarynyň örän çalt eremegidir.

Ägirt uly howp astyndaky zolaklar

Ýewropa: Londonyň we Kardiffiň kenarýaka kwartallary, Fransiýanyň Kale şäherinden başlap, Daniýanyň günorta serhetlerine çenli bolan uly kenar zolagy, şeýle-de peslikde ýerleşýän Amsterdam, Bremen we Wenesia ýaly taryhy şäherler suw astynda galar.

Demirgazyk Amerika (ABŞ): Amerikanyň Täze Orlean (Luiziana ştaty), Galweston (Tehas ştaty) şäherleri we Floridadaky meşhur Ewergleýds batgalyk peslikleri gönümel suw astyna gider.

Ykdysady we jemgyýetçilik çökgünlikleri

Singapuryň Ýer obserwatoriýasynyň direktory professor Benjamin Horton bu ylmy işiň umman dinamikasyna düşünmekde uly öňegidişlikdigini aýdýar.

Eger iň ýakymsyz çaklamalar amala aşsa, adamzat taryhda görülmedik ykdysady ýitgiler, zawod-fabrikleriň weýran bolmagy we millionlarça adamyň mejbury göçmegi ýaly ýagdaýlara duçar bolar. Alymlar bu hasabatlaryň dünýä hökümetlerini diňe bir gazlary zyýanly azaltmaga däl, eýsem häzirden başlap, gyssagly suratda kenarýaka inženerçilik gorag ulgamlaryny (gaçylary we diwarlary) gurmaga itergi berjekdigine umyt edýärler.


şu gün 18:47
733

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

şu gün 16:12
1.7k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

şu gün 12:13
2.1k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....

düýn 15:16
3.8k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......