Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

  • düýn 18:47
  • 2.9k+

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi, Galisiýanyň häkimiýetleri bolsa ikinji, duýduryş derejeli adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdiler. Howp zolagyndan on sany öýüň ýaşaýjylary göçürildi.

Ýangyn anna güni sagat 16:01-de başlandy we halas ediş gulluklarynyň işine garamazdan, giňelmegini dowam etdirýär. Padronyň häkimi Anho Reý Arkiniň aýtmagyna görä, ot häkimligiň çäklerinden çykyp, Teonyň çägine geçdi we Wilar-du-Bispo tarapa ilerleýär. Ýangyn zolagynyň giňelmegi işleri utgaşdyrmagy kynlaşdyrdy we ilat üçin bolan howpy artdyrdy.

Kruşeýras-de-Abaýşo ilatly nokat dolulygyna göçürildi. Ýagdaýy 30 gradusdan geçýän ýokary temperatura we güýçli ýel ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar. Ýangynyň ugurlarynyň biriniň gaýtadan güýçlenmeginden soň, häkimiýetler ony söndürmek boýunça toparlary ýene-de artdyrdylar. Amala aşyrylýan çärelerde tokaý goranyş hünärmenleri, ýerli toparlar, ýangyn söndüriji tehnikalar we awiasiýa gatnaşýar.

Galisiýanyň hökümeti we Ispaniýanyň Ekologik üýtgeşmeler ministrligi ot bilen göreşmek üçin amfibiýa uçarlaryny hem-de dikuçary ugratdy. Goşmaça hökmünde ýollaryň iki bölegi –Karkasiýadan Padrona çenli we Wilar-du-Bispodan Lampaýa çenli bolan ýollar ýapyldy.

Pida bolanlardyr şikes alanlar barada entek maglumat ýok. Şleýle-de bolsa, oduň ilatly nokatlara golaýdygy sebäpli häkimiýetler ýokary taýýarlyk tertip-düzgünini saklaýarlar. Galisiýanyň häkimiýeti tokaý ýangynlarynyň ýokary howp döwrüni resmi taýdan 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 30-njy sentýabryna çenli diýip belledi.

Şu möwsümde sebitde berk çäklendirmeler hereket edýär. Hususan-da, tokaý zolaklarynda we olara golaý çäklerde oba hojalyk, şeýle-de meýlis maksatly ot ýakmak düýbünden gadagandyr.


düýn 22:20
2.1k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 16:12
2.9k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

düýn 12:13
2.7k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....

14.06.2026 15:16
3.9k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......