Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri ýylda 13,4 milliondan 29,6 million gektara çenli ýokarlandy.
Häzirki müňýyllygyň başyndan bäri dünýäde 517 million gektardan gowrak tokaý ýitirildi, bu bolsa dünýäniň tokaý örtüginiň takmynan 13% -ini düzýär. Diňe 2024-nji ýylda tokaý ýangynlary 6,7 million gektar tokaýyň ýitmegine sebäp boldy - bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köp.
Laos dünýäde tokaý ýitgisinde birinji orny eýeledi, bir ýylyň içinde tokaýlarynyň 16,82% -ini ýitirdi. Ondan soň Şwesiýa 11,76% we Boliwiýa 11% görkeziji bilen gelýär.
Market vs Media žurnalynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň tokaýlarynyň ýok edilmegine Indoneziýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Braziliýa, ABŞ, Kanada, Russiýa we Hytaý hem uly goşant goşýarlar.
Russiýa 4,2 million gektardan gowrak agaç örtügini ýitirdi, Braziliýa bolsa 3,3 million gektardan gowrak tokaýlygy ýitirdi.
Bilermenler tokaýlaryň ýok bolmagyny oba hojalyk ýerleriniň giňelmegi, magdançylyk, senagat agaçlarynyň kesilmegi we tokaý ýangynlary bilen baglanyşdyrýarlar.
