Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

  • şu gün 16:12
  • 1.1k+

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň güýçlileriniň biri bolup biler.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu hadysa 2026-njy ýylyň maý aýynda emele gelip başlady. Tomus aýlaryna çenli dowamly El-Ninýonyň ähtimallygy 80-82%-e ýetdi, güýz aýlaryna çenli bolsa 90-98%-e çenli ýokarlanyp biler.

"Munuň 140 ýylyň içinde iň güýçli El-Ninýo bolmagynyň hakyky mümkinçiligi bar" - diýip, professor Pol Raundi belledi.

El-Ninýo Ýuwaş ummanynyň ekwator böleginde suwuň üstki gatlagynyň döwürleýin gyzmagydyr we dünýä boýunça howa şertlerine täsir edip bilmegidir.

Alymlar Aziýanyň, Awstraliýanyň, Afrikanyň we Merkezi Amerikanyň käbir ýerlerinde yssynyň we gurakçylygyň güýçlenip biljekdigini, Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde bolsa güýçli ýagyş we suw joşmasy howpunyň bardygyny duýdurýarlar.

"Tropiklerde atmosferadaky üýtgeşmeler has uzak sebitlere, orta giňişliklere täsir edip biler. Şonuň üçin biz episentrden müňlerçe we müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýändigimize garamazdan, bu barada şeýle alada edýäris" - diýip, Goddard adyndaky Kosmos barlaglary institutynyň (GISS) direktory Gewin Şmidt düşündirýär.

Şeýle hem, bilermenler bu howa hadysasynyň dünýäniň azyk bazarlaryna täsir etmegine garaşýarlar. Däneli ekinleriň, tüwiniň, kofeniň, kakaonyň, şekeriň, ösümlik ýaglarynyň, etiň we süýt önümleriniň üpjünçiligi has duýgur bolup biler. Seljerijiler howa şertleriniň üýtgemeginiň dünýäniň dürli sebitlerinde tebigy gaza bolan islege hem täsir edip biljekdigini belleýärler.


şu gün 12:13
2k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....

düýn 15:16
3.8k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.9k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......