Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

  • şu gün 07:40
  • 818

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar berýär. Habara görä, bu tebigy hadysadan iň köp ejir çeken ýerler Sýansi şäher uýezdi, Szýunýi şäher okrugy we Çanşun uýezdi boldy.

Sýanside dowamly ýagyşlar şenbe gününden ýekşenbe güni irdene çenli dowam etdi we 30 wolosty hem-de şäherçäni öz içine aldy. Ýerli häkimiýetler gije-gündizleýin iş tertibine geçdiler. Halas edijiler 491 maşgaladan jemi 1377 ýaşaýjyny göçürdiler we heläkçilik zolagynda galan 50-den gowrak adama kömek etdiler.

Çanşun uýezinde elektrik togunyň kesilmegi netijesinde Bansun suw howdanynyň işi bozuldy. Suwuň derejesiniň kadadan aşmagy howdanda suwuň öz-özünden akyp başlamagyna getirdi. Bu zerarly müňe golaý maşgaladan 3000-den gowrak ýaşaýjy howpsuz ýerlere göçürildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Suw hojalygy ministrligi we Meteorologiýa müdirligi duýdansyz suw joşgunlarynyň howpy sebäpli iň ýokary – gyzyl derejeli duýduryş yglan etdiler. Sýandunnan-Mýao-Dun awtonom okrugynda 27 derýa boýunça gözegçilik güýçlendirildi we suw joşgunlaryna garşy göreşýän gulluklaryň müňlerçe işgäri gyssagly ýygnaldy. Bu ýerden öňünden 4582 adam göçürildi we ýene-de 21 müňden gowrak ýaşaýjyny göçürmek işleri dowam etdirilýär.


şu gün 07:41
1k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 13:01
6.7k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......