Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

  • şu gün 12:13
  • 2k+

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar.

Hemra arkaly alnan suratlar 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Demirgazyk Sumatra sebitinde yzygiderli dört günläp ýagan güýçli ýagyşlaryň (1000 mm-den gowrak ýagyn düşdi) netijesinde dörän süýşgünleriň, takmynan, 20,5 akr tokaýlygy ýok edendigini görkezdi.

Bu uly tebigy betbagtçylygyň netijesinde 58 sany orangutan heläk boldy. Tutuş dünýäde bu maýmynlaryň umumy sanynyň diňe 800 töweregidigini göz öňünde tutsaň, bu betbagtçylyk sebitdäki maýmynlar toparynyň 11%-ini, tutuş görnüşiň bolsa 7%-ini ýok etdi.

Ýagdaýyň has-da kynlaşmagyna ýene-de bir sebäp, bu janly-jandarlaryň ýaşaýyş gurşawynyň peýdaly magdanlaryň gazylyp alynmagy, ýag palmalarynyň oturdylmagy we gidroelektrik stansiýalarynyň gurluşygy sebäpli weýran bolmagydyr.

«Şunça mukdardaky maýmyny şeýle ýagdaýda ýitirmek gynançly. Populýasiýanyň sany az we bölekleýin bolan sebitlerde şuna meňzeş howa ýa-da klimat hadysalary tutuş görnüşe agyr zarba urup biler. Bu ýagdaý maýmynlaryň geljegi barada uly alada döredýär» – diýip, Jon Murs adyndaky Liwerpul uniwersitetiniň professory Serž Wiç belleýär.

Indoneziýa uniwersitetiniň professory Jatna Supriatna hem onuň bu sözlerini gaýtalady: «Bir uly süýşgünde, takmynan, 58 sany tapanulian orangutanynyň ýitirilmegi, dünýäniň iň seýrek adam şekilli maýmyny üçin weýrançylykly demografik ýagdaýdyr».


şu gün 16:12
1.2k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

düýn 15:16
3.8k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.9k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......