BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

  • düýn 15:16
  • 3.7k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň köpüsiniň öňüni alyp bilinjekdigini-de aýratyn belledi.

Guramanyň berýän maglumatlaryna görä, aşa yssy howa tolkunlary indi seýrek bolýan hadysa däl-de, saglygy saklaýyş ulgamyna we infrastruktura uly agram salýan yzygiderli bökdençlige öwrüldi. Ýewropa dünýäde global maýlamanyň netijelerinden iň köp ejir çekýän we iň ejiz sebitleriň biri bolmagynda galýar.

Yssy howa sebäpli iň köp pida Italiýada hasaba alyndy. Ondan soňky orunlarda bolsa Ispaniýa, Germaniýa we Gresiýa durýar. Şunda ilatyň her bir million adamyna düşýän ölüm sany boýunça iň ýokary görkeziji Gresiýada bellenildi.

BSGG yssy howa we saglyk ugrundaky hereket meýilnamalary boýunça täzelenen gollanmasyny hödürledi. Teklip edilýän çäreleriň arasynda şäherleri ýaşyl zolaklara öwürmek, salkynladyş merkezlerini döretmek, garry adamlara kömek bermek we hünärmenlere Gün urma alamatlaryny wagtynda aňmagy öwretmek ýaly anyk ädimler bar.


şu gün 16:12
417

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

şu gün 12:13
1.8k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.9k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......