Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

  • 24.03.2025 11:03
  • 2.8k+

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda kabul edildi.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Oýunlaryň programmasy tassyklananda Halkara boks assosiasiýasy (IBA) bilen düşünişmezlik sebäpli boks oňa goşulmandy. Mundan öň, 2019-njy ýylda HOK dolandyryş, maliýe meselelerini çözüp bilmändigi sebäpli, IBA-nyň olimpiýa hereketinde agzalygyny bes etdi.
2023-nji ýylda HOK-yň nobatdan daşary sessiýasynyň wekilleri russiýaly Umar Kremlewiň ýolbaşçylygyndaky IBA-nyň ykrar edilmegini bes etmek üçin ses berdi.
IBA 2020-nji ýylda Tokioda we 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda boks guramak işlerine gatnaşmady, şeýle-de Oýunlar-2028-e hem gatnaşmaz. Boks ýaryşlaryny guramak we geçirmek wezipelerini HOK öz üstüne aldy. 2025-nji ýylyň fewral aýynda komitet boksy dünýä derejesinde dolandyrmak üçin World Boxing federasiýasyny wagtlaýyn ykrar etdi. HOK-yň belleýşi ýaly, täze gurama bäş yklymdan 78 milli federasiýa girýär.
Şeýlelikde, boks täze ýolbaşçylyk bilen Olimpiada gaýdyp geler. Los-Anjelesdäki Oýunlar 14 – 30-njy iýulda geçiriler.


düýn 17:52
3.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......