Bloger-boksçy Jeýk Pol WBC-iň öňki dünýä çempiony Çawes-kiçini ýeňdi

  • 29.06.2025 14:11
  • 9.3k+

29-njy iýunda Anahaým şäherinde (Kaliforniýa, ABŞ) professional boks agşamy geçirilip, onuň esasy wakasy ilkinji agyr agram derejedäki 10 raundlyk reýting söweşi boldy. Ringe amerikaly bloger we professional boksçy Jeýk Pol bilen orta agram boýunça WBC-niň öňki dünýä çempiony, meksikaly Hulio Sezar Çawes-kiçi çykdy.

Tutluşyk doly 10 raundlap dowam edip, eminleriň biragyzdan karary bilen, Poluň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňşiň netijesinde ol birbada iki guramanyň — WBC-niň hem-de WBA-nyň reýting sanawlaryna girmegi başardy.
28 ýaşly Pol üçin bu duşuşyk 2024-nji ýylyň noýabrynda 58 ýaşly Maýk Taýsony ýeňlişe sezewar edensoň ilkinji söweş boldy. Indi onuň hasabynda 7 ýeňiş we 1 ýeňliş bar. 39 ýaşly Çawes-kiçi bolsa karýerasynda 61 söweş geçirip, 53 ýeňiş, 1 deňlik we 7 ýeňliş bilen galýar.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....