Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

  • 05.05.2025 15:19
  • 5.5k+

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady.

Belläp geçsek, ikinji raundda Inoue nokdaun ýagdaýyna düşdi, ýöne aýaga galyp, söweşi dowam etdirmegi başardy. Şondan soň ol agalygy öz üstüne alyp, söweşi möhletinden ir tamamlady.
Inoue ikinji ýeňil agramda absolýut çempion titulynyň ilkinji goragyny 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda meksikaly Luis Nerä garşy geçirdi. Şol wagt ol altynjy raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. Ikinji söweş 3-nji sentýabrda Terens Doheni bilen boldy we Inoueniň tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Üçünji gorag 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Ýo Jun Kime garşy geçirildi. Ýaponiýaly boksçy ýene-de möhletinden ir – dördünji raundda ýeňdi.
Soňky ýeňşinden soň Naoýa Inoueniň hasabynda 30 professional söweşde 30 ýeňiş bar. 


30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....