Deonteý Uaýlder 28-nji iýunda Tirrell Herndon bilen söweşer

  • 30.03.2025 18:50
  • 5k+

Amerikaly agyr agramly boksçy, WBC boýunça öňki dünýä çempiony Deonteý Uaýlder özüniň indiki söweşini watandaşy Tirrell Herndona garşy geçirer. Söweş 28-nji iýunda Uiçitoda (ABŞ) bolar diýip, Global Combat Collective promouterlerine salgylanyp, ESPN habar berýär.

“Men soňky wagtlar köp zada düşündim, ynanyň, siz öz ýolunda ähli zady ýumurýan bombaçyny görersiňiz. Men hakykatdan daşlaşdym we ringde öňümde duran islendik birini ýok etmäge taýýar” – diýip, Uaýlder geljekki söweşe teswir berdi.

Soňky gezek Uaýlder 2024-nji ýylyň iýun aýynda Çžan Çžiel bilen söweşdi we bäşinji raundda nokaut bilen ýeňildi. Onuň hasabynda 43 ýeňiş (42-isi nokaut bilen), dört ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Herndon 2024-nji ýylyň maý aýynda emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Rudi Silwasdan üstün çykdy. Onuň hasabynda 24 ýeňiş (15-isi nokaut bilen) we bäş ýeňliş bar.


düýn 14:53
7.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......