Menni Pakýao bilen Barriosyň arasyndaky titul söweşi deňme-deň tamamlandy

  • 20.07.2025 14:04
  • 6.6k+

Sekiz agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao Las-Wegasda amerikaly Mario Barrios bilen söweşdi.

Söweş 12 raund dowam edip, deňme-deň tamamlandy.
Şeýlelikde, 46 ýaşynda karýerasyny dikelden Pakýao 30 ýaşly Barriosdan ýarym orta agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempiony titulyny alyp bilmedi.
Pakýao sekiz agram derejesinde çempion bolan ýeke-täk boksçydyr. Ol özüniň soňky söweşini 2021-nji ýylyň awgust aýynda geçiripdi. Şol wagt Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) dünýä çempiony tituly üçin söweşde emin agzalarynyň karary bilen kubaly Ýordenis Ugasdan ýeňildi.
Umuman alanyňda, karýerasynyň dowamynda boksçy 62 ýeňiş gazandy, sekiz gezek ýeňildi, ýene iki söweş bolsa deňme-deňlikde tamamlandy.
Barriosyň hasabynda professional ringde 29 ýeňiş, üç ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....