Aleksandr Usik WBC we Sports Illustrated tarapyndan ýylyň boksçysy diýlip ykrar edildi

  • 10.01.2025 17:53
  • 7.6k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks geňeşi (WBC) we abraýly Sports Illustrated neşiri tarapyndan ýylyň boksçysy adyna eýe boldy.

WBC-niň beýanynda Usigiň 2024-nji ýylda gazanan üstünlikleri bellenilýär. 18-nji maýda ukrainaly boksçy bilen britaniýaly Taýson Fýuriniň arasynda taryhy söweş boldy. Söweş emin agzalarynyň tapawutly karar bermeginde Usigiň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňiş ony XXI asyrda super agyr agramda ilkinji absolýut dünýä çempiony etdi.
21-nji dekabrda ukrainaly boksçy Fýuri bilen rewanş söweşinde ýene duşuşdy, bu gezek hem emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ony ýeňip, WBC-niň titulyny gorady.

“Usik Ukrainadan daşarda ajaýyp başarnyklaryny yzygiderli görkezip, sporta global täsirini görkezdi. Bu üstünlikler öz nesliniň iň beýik boksçylarynyň biri hökmünde Usigiň mirasyny berkidýär” – diýlip, guramanyň metbugat relizinde aýdylýar.

Sports Illustrated amerikan neşiri Usigi professional karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin ýylyň boksçysy diýip atlandyrdy.


düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......