46 ýaşly Pakýao ringe gaýdyp gelýär. WBC tituly üçin söweş 20-nji iýulda bolar

  • 15.07.2025 17:54
  • 13k+

Alty agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao ýakyn wagtda ringe gaýdyp geler. 20-nji iýulda Las-Wegasda (ABŞ) boks agşamy geçiriler we onda 46 ýaşly filippinli boksçy ýarym orta agramda (66,7 kg çenli) WBC titulynyň eýesi, amerika-meksikaly Mario Barrios bilen duşuşar.

Pakýao häzirki fiziki formasyny görkezip, 30 ýaşly garşydaşyndan guşagy almak niýetiniň çynlakaýdygyny aýtdy.

“Maňa pul gerek däl. Maňa taryh gerek. Men tolgunýaryn we gaýdyp gelmegime begenýärin. Ýene-de çür başa çykmak ýakymly. Men öňküsi ýaly höwesi we yhlasy duýýaryn. Men boksy gowy görýärin. Türgenleşigi, metbugaty, söweş promouşenini, millionlarça muşdagyň meni goldamagyny küýsedim” – diýip, Pakýao aýtdy.

Ol professional ringde 1995-nji ýylda ilkinji gezek çykyş etdi we ilkinji gezek 1998-nji ýylyň dekabrynda iň ýeňil agramda (50,8 kg çenli) WBC guşagyny alyp, dünýä çempiony boldy. Soňra ol ýene bäş agram derejesinde çempion boldy: ikinji iň ýeňil (55,3 kg çenli), ikinji ýarym ýeňil (59 kg çenli), ýeňil (61,2 kg çenli), ýarym orta (66,7 kg çenli) we birinji orta (69,9 kg çenli) diwizionlarda.
Öňümizdäki tutluşyk Menni üçin 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri ilkinji çykyş bolar. Şol wagt ol Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) dünýä çempiony tituly üçin göreşde emin agzalarynyň karar bermeginde kubinli Ýordenis Ugasdan ýeňildi.
Pakýao – Barrios söweşi Aşgabat wagty bilen irden sagat 8:00-da başlar.
Bir sagat öň ýene bir esasy söweşde Tim Szýu bilen Sebastýan Fundora duşuşar. Szýu karýerasyndaky ilkinji ýeňlişi üçin garşydaşyndan ar almaga synanyşar. Olar birinji orta agramda WBC-niň dünýä çempiony tituly üçin göreşer.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....