Agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtingi hödürlendi

  • 10.05.2025 19:49
  • 11k+

The Ring žurnaly agram derejesine garamazdan (Pound-for-Pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny super agyr agramda dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik saklady.

Ýöne sanawda üýtgeşmeler hem bar: ýakynda Uilýam Skulldan üstün çykan Saul Alwares ýedinji orundan sekizinji orna düşdi.
Iki agram derejesinde öňki dünýä çempiony Dewin Heýni bolsa sanawdan çykdy. Ol öň dokuzynjy ýeri eýeleýärdi, ýöne ýürekgysgynç söweşde Hose Ramiresi emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňenden soň, ol ilkinji onlukdan aýryldy.
The Ring reýtinginiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Aleksandr Usik
  2. Naoýa Inoue
  3. Terens Krouford
  4. Dmitriý Biwol
  5. Artur Beterbiýew
  6. Jessi Rodriges
  7. Dzunto Nakatani
  8. Saul Alwares
  9. Ken Şiro
  10. Dewid Benawides

Belläp geçsek, Usigiň indiki söweşi 19-njy iýula Londondaky “Uembli” stadionynda meýilleşdirilýär. Ol Daniel Dýubua bilen duşuşar. Olaryň geçenki söweşi 2023-nji ýylyň awgustynda geçirildi we ukrainalynyň dokuzynjy raundda nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Soňky gezek Usik 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ringe çykdy – şol söweşde ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Taýson Fýuriden üstün çykdy. Onuň hasabynda 23 ýeňiş bolup (14-üsi nokaut bilen), ol ýeňilmän galýar.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....