Dana Uaýt we Turki Al aş-Şeýh täze boks guramasyny döreder

  • 07.03.2025 16:08
  • 4.9k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt we Saud Arabystanynyň Esasy dynç alyş edarasynyň ýolbaşçysy Turki Al aş-Şeýh täze boks promouşeniniň döredilýändigini habar berdi. Gurama ilkinji ýaryşy 2026-njy ýylda geçirmegi meýilleşdirýär diýip, ESPN habar berýär.

Taslama TKO Group Holdings (UFC-niň we WWE ligasynyň baş kompaniýasy) bilen Saud Arabystanynyň Esasy dynç alyş edarasynyň we Sela saud kompaniýasynyň uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň miwesi boldy.
TKO dolandyryjy hyzmatdaş wezipesini öz üstüne alar we söweşleriň guralmagyna hem ösdürilmegine, şeýle-de ýaýlymlara berilmegine jogap berer. Dana Uaýt WWE-niň prezidenti we TKO-nyň müdirler geňeşiniň agzasy Nik Han bilen bilelikde guramanyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy bolar.
Promouşende hem başarnykly, hem öňdebaryjy söweşijiler çykyş eder. Esasy ýörelge – güýçlüleriň söweşi. Türgenler Las-Wegasdaky, Mehikodaky we Şanhaýdaky UFC Performance Institute merkezlerine elýeterlilik alar.
Al aş-Şeýh 2023-nji ýyldan bäri uly boks agşamlaryny gurnap, boksy işjeň ösdürýär. Hususan-da, ol Taýson Fýuriniň Aleksandr Usik we Dmitriý Biwolyň Artur Beterbiýew bilen söweşlerini gurady. 2024-nji ýylyň noýabrynda Turki al aş-Şeýh 10 mln dollara The Ring boks žurnalyny satyn aldy.


08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

07.06.2026 20:02
6.9k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......