WBC boýunça öňki dünýä çempiony Deonteý Uaýlder indiki söweşini aprelde geçirer

  • 16.01.2025 13:43
  • 8.6k+

Amerikaly agyr agramda söweşiji, WBC boýunça öňki dünýä çempiony Deonteý Uaýlder indiki söweşini geçirmek üçin şertnama baglaşdy. BoxingScene-niň maglumatlaryna görä, söweş 26-njy aprelde Atlantada (ABŞ) geçiriler. Onuň garşydaşy amerikaly Kýortis Harper bolar.

Soňky gezek Uaýlder 2024-nji ýylyň iýun aýynda ringe çykdy we hytaýly Çžan Çžileýden tehniki nokaut bilen ýeňildi. Bu ýeňliş onuň üçin soňky bäş söweşinde dördünji boldy.
Uaýlder karýerasynyň dowamynda 48 söweşe gatnaşyp, 44 ýeňiş (43-üsi nokaut bilen) gazandy, dört gezek ýeňildi we bir söweş deňme-deň tamamlandy. 2015 – 2020-nji ýyllar aralygynda WBC-niň çempion titulyna eýeçilik etdi.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....