Aleksandr Usik WBO-nyň guşagyny saklap galmak üçin Jozef Parker bilen duşuşmaly bolar

  • 25.07.2025 17:10
  • 11k+

Agyr agram derejesinde boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony ukrainaly Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça dünýä çempiony adyny saklap galmak üçin täze zelandiýaly Jozef Parker bilen söweşmeli bolar. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

WBO taraplara gepleşik geçirmek üçin 30 gün möhlet berdi. Eger-de Usik täze zelandiýaly boksçy bilen duşuşmakdan ýüz öwürse, onda Halkara boks federasiýasynyň (IBF) guşagynyň eýesi britaniýaly Daniel Dýubuany ýeňip, geçen hepde gaýtadan gazanan absolýut çempion derejesini ýitirer.
33 ýaşly Parker professional boksda 36 ýeňiş (24 nokaut bilen) gazandy we üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. Fewral aýynda geçirilen soňky söweşinde ol ikinji raundda Martin Bakoleni nokaut bilen ýeňdi.
Usik ýeňilmän gelýär. Ol 24 ýeňiş gazandy, şolardan 15-si nokaut bilen.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....