Boksçy Saul Alwares absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

  • 05.05.2025 07:44
  • 5.4k+

Meksikaly boksçy Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy. Ol Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundlyk söweşde kubaly Uilýam Skulldan emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen üstün çykdy.

Alwares WBC, WBA we WBO boýunça dünýä çempiony titullaryny gorady hem-de Skulldan IBF-niň guşagyny aldy.
34 ýaşly meksikaly üçin bu WBC-niň we WBA-nyň titulynyň sekizinji, WBO-nyň – altynjy goragy boldy.
Geçen ýyl Alwares Skulla garşy IBF-niň guşagyny goramakdan ýüz öwrenden soň absolýut çempion adyny ýitirdi. Şol wagt ol puertorikoly Edgar Berlanga bilen söweşi saýlap, ony emin agzalarynyň karary bilen ýeňdi.
Alwares ilkinji gezek 2021-nji ýylda absolýut dünýä çempiony boldy we bu ady üç gezek gorady. 2022-nji ýylda 79,38 kg çenli agramda WBA-nyň tituly üçin söweşde russiýaly Dmitriý Biwoldan ýeňildi.
Indi Alwaresiň hasabynda 63 ýeňiş bolup, olardan 39-ysyny nokaut arkaly gazandy. Şeýle-de, onuň 2 ýeňlişi we 2 deňligi bar.


düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......