Biwol Beterbiýew bilen üçünji söweş üçin WBC-niň dünýä çempiony titulyny boşatdy

  • 08.04.2025 15:06
  • 6.3k+

Ýarym agyr agramda (79,2 kg çenli) WBA, WBO, IBF, The Ring, IBO boýunça dünýä çempiony Dmitriý Biwol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempion titulyny boşatdy. Şeýle-de, ol WBC-niň wagtlaýyn çempiony, meksikaly Dewid Benawides bilen bolup biljek söweşden ýüz öwürdi. Bu barada belli žurnalist Den Rafael habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Biwol Artur Beterbiýewe garşy trilogiýanyň ahyrky söweşine ünsi jemlemek üçin WBC guşagyndan ýüz öwürdi.
Soňrak bu maglumaty WBC-niň başlygy Maurisio Suleýman hem tassyklady.

“Men şu wagt Dmitriý Biwolyň aklawçysy Patrik Inglişden gury habar aldym. Onda şeýle bir bolgusyz deliller getirilýär welin, men hatda olary ara alyp maslahatlaşasym gelenok. Habarda Dmitriý Biwolyň ýarym agyr agramda WBC-niň dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürmek kararyna gelendigi aýdylýar. Biz Biwola üstünlikleri arzuw edýäris we Dawid Benawidesiň ýarym agyr agramda WBC-niň täze dünýä çempionydygyny tassyklaýarys” – diýip, Suleýman X sosial ulgamynda ýazdy.

Ýatlap geçsek, Biwol soňky söweşini 23-nji fewralda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirdi. Onuň garşydaşy Beterbiýew boldy. Boksçylar üçin bu rewanş boldy. Söweş emin agzalarynyň aglabasynyň karary bilen Dmitriý Biwolyň peýdasyna tamamlandy.
Benawides indi ikinji orta agramyň öňki çempiony Kallum Smite garşy hökmany goragy geçirse gerek – britaniýaly boksçy reýtingde indiki dalaşgär hasaplanýar.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....