Usik Dýubuany nokauta gidirip, absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

  • 20.07.2025 12:51
  • 13k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik agyr agramda absolýut dünýä çempiony ady üçin söweşde britaniýaly Daniel Dýubuany ýeňdi. Londonyň Uembli stadionynda geçen söweş bäşinji raundda nokaut bilen tamamlandy.

Usik Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Halkara boks guramasynyň (IBO), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýalary boýunça agyr agramda dünýä çempiony titullaryny gorady we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) guşagyny gaýtadan eýeledi.
Bu Usik bilen Dýubuanyň arasynda ikinji söweş boldy. 2023-nji ýylda ukrainaly boksçy dokuzynjy raundda nokaut bilen ýeňiş gazandy.

Usik 38 ýaşynda. Ol professional karýerasynda 24 söweşiň ählisinde ýeňdi (15-isi nokaut bilen). 2024-nji ýylyň maýynda Usik britaniýaly Taýson Fýuriden üstün çykyp, soňky 25 ýylda agyr agramda ilkinji absolýut dünýä çempiony boldy. Soňra ol hökmany dalaşgär horwatiýaly Filip Hrgowiç bilen guşagyň goragyny geçirip bilmänsoň, IBF-niň guşagyny boşatmaly boldy. Netijede, Dýubua Horwatiýanyň wekilini tehniki nokaut bilen ýeňip, erkin tituly aldy.
27 ýaşly Dýubuanyň hasabynda 22 ýeňiş (21-isi nokaut bilen) we üç ýeňliş bar.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....