Dmitriý Biwol – absolýut dünýä çempiony, Beterbiýew ilkinji ýeňlişine sezewar boldy

  • 23.02.2025 13:20
  • 10k+

23-nji fewrala geçilen gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) uly boks agşamy geçirildi. Onuň esasy wakasy ýarym agyr agramda absolýut dünýä çempiony, russiýaly Artur Beterbiýew bilen bu diwizionda öňki dünýä çempiony Dmitriý Biwolyň arasyndaky rewanş söweşi boldy. Bu söweş emin agzalarynyň aglabasynyň karar bermeginde Biwolyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Başlangyç raundlarda artykmaçlyk, esasan, Biwolyň tarapynda boldy, ýöne söweşiň ortasynda Beterbiýew güýjüni jemläp, Biwolyň kellesine we bedenine birnäçe gezek güýçli urgy urdy.
Ýedinji raunddan Biwol bilen Beterbiýew işjeň hereket edip, biri-birinden artykmaçlygy almaga synanyşdy. Ahyrky raundlar hem bäsdeşlik ýagdaýynda geçdi we netijede söweş bellenilen 12 raund dowam etdi. Şondan soň eminler Biwolyň peýdasyna şeýle hasaby çykardy – 114-114, 116-112, 115-113.
Şeýlelikde, Biwol ýarym agyr agramda absolýut dünýä çempiony boldy.
Artur Beterbiýew üçin bu ýeňliş professional karýerasynda ilkinji boldy. Bu söweşden öň 40 ýaşly Beterbiýew ýeňilmezek söweşijidi. Indi onuň hasabynda 21 ýeňiş bilen bir ýeňliş bar.
Dmitriý Biwol jemi 24 söweşde ýeňiş gazandy, şolaryň 12-si möhletinden ir tamamlandy. Şeýle-de, onuň hasabynda Beterbiýew bilen soňky söweşinde bolan ýekeje ýeňlişi bar.


düýn 23:49
569

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

27.06.2026 14:53
9.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.7k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......