Beterbiýew Biwoldan üstün çykyp, boks boýunça absolýut dünýä çempiony boldy

  • 13.10.2024 13:41
  • 9.7k+

Russiýaly boksçy Artur Beterbiýew ýarym agyr agramda boks boýunça absolýut dünýä çempiony tituly ugrundaky söweşde watandaşy Dmitriý Biwoly ýeňdi. Söweş Er-Riýadda geçirilip, 12 raund dowam etdi.

Tutluşyk emin agzalarynyň aglabasynyň karary bilen 114-114, 115-113, 116-112 hasabynda Beterbiýewiň peýdasyna tamamlandy.
Bellenilişi ýaly, Er-Riýaddaky Riyadh Season festiwalynyň çäklerinde geçen söweş üçin iki boksçy hem, takmynan, 10 mln dollar gazanar.
Beterbiýew ýeňilmän galýar. Häzirki ýeňiş onuň üçin professional karýerasynda 21-nji boldy, ýöne Biwol bilen söweşden öň Beterbiýew ähli tutluşyklaryny nokaut bilen tamamlady.
Biwol professional karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 23 ýeňiş bolup, şolaryň 12-sinde nokaut arkaly ýeňiş gazandy.
Şeýlelikde, Artur Beterbiýew 2003-nji ýylda amerikaly Roý Jons agyr agrama geçmegi sebäpli tituldan ýüz öwürenden bäri ýarym agyr agramda ilkinji absolýut çempion boldy.
Sports.ru portalynyň belleýşi ýaly, 39 ýaşly Beterbiýew boks boýunça iň uly ýaşly absolýut dünýä çempionydyr. Şeýle-de, ol dört guşak döwründe Russiýadan ilkinji absolýut dünýä çempiony boldy.


düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......