Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi Hirniň sözlerine salgylanyp habar berdi.
«Aleksandr Usigiň öz döwrüniň ähli iri agyr agramly boksçularyny ýeňmek höwesi ony indiki tutluşygyny öňki WBC çempiony Deonteý Waýlder bilen geçirmäge iterdi» diýip, promouter belledi. Ol tutluşygy geçirmek barada ylalaşygyň eýýäm gazanylandygyny hem goşdy.
Bu beýanat Usik agyr agram derejesindäki WBA, WBC we IBF çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwreninden soň ýaňlandy. Şondan soň WBC-niň wagtlaýyn titulynyň eýesi Agit Kabaýel guramanyň wersiýasy boýunça awtomatiki ýagdaýda täze dünýä çempiony diýlip ykrar edildi.
Belläp geçsek, 1-nji iýunda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) prezidenti Maurisio Suleýman Usigiň indiki garşydaşynyň hut Kabaýel bolmalydygyny aýdypdy. Bu 33 ýaşly nemes boksçusy hünär derejesindäki ringde ilkinji gezek 2011-nji ýylda çykyş etdi we Usik ýaly ol hem heniz ýeňilmedik boksçudyr. Onuň hasabynda 27 ýeňiş bar, olaryň 19-sy nokaut bilen gazanyldy. Onuň ýumrugynyň öňünde Derek Çisora, Arslanbek Mahmudow, Frenk Sançes we Žan Žileý ýaly belli boksçular hem durup bilmedi.
