Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy

  • 04.07.2025 17:08
  • 10k+

Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri Instagram-da 2026-njy ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen üçünji gezek söweşjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, söweş 18-nji aprelde Londondaky “Uembli” stadionynda geçiriler.

Ozal Saud Arabystanynyň Esasy dynç alyş edarasynyň başlygy Turki Al aş-Şeýh Fýuriniň boksa gaýdyp gelmäge wada berendigini aýtdy. Şeýle-de, ol özüniň Fýuri bilen bilelikde “towşan awlamalydygyny” belledi. Fýuri ozal Usigi öjükdirmek üçin ençeme gezek “towşan” diýip atlandyrypdy. Usik hem bu obrazy kabul etdi we Eminemiň “White Rabbit” aýdymyna salgylanyp, özüni “ak towşan” diýip atlandyryp başlady. Şeýle-de, ukrainaly garşydaşynyň kellesine girip, ony özi barada pikirlenmäge mejbur edip bilýändigini belledi.
Usigiň topary Fýuriniň habaryna entek teswir bermedi, şonuň üçin anons resmi däldir.
Häzirki wagtda ukrainaly boksçynyň Daniel Dýubua bilen söweşi meýilleşdirilen bolup, ol 19-njy iýulda geçiriler.
Fýuri Usikden 2024-nji ýylyň maýynda we dekabrynda iki gezek ýeňildi. Usik agyr agramda absolýut dünýä çempiony boldy, ýöne soň IBF titulyny boşatdy. Indi bu guşak Dýubua degişli.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....