Rekord goýan duel: Usik bilen Fýuriniň nazarlaryň çaknyşygy 11 minutdan gowrak dowam etdi

  • 20.12.2024 16:35
  • 14k+

19-njy dekabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýuriniň arasyndaky çempionlyk söweşinden öň soňky metbugat maslahaty geçirildi. Boksçylar bu rewanşa köpçüligiň gyzyklanmasyny dürli usul bilen artdyrmagy dowam etdirýär. Şol agşam rekord 11 minut 20 sekunt dowam eden nazarlaryň çaknyşygy bilen tamamlandy diýip, 7NEWS habar berýär.

Metbugat maslahatynyň dowamynda boksçylaryň ikisi-de az sözli boldy. Taýson Fýuri garşydaşyna “köp azap” görkezjekdigini aýtdy.

“Bu meniň bar aýtjak zadym. Gürrüňler eýýäm boldy. Birinji söweşde men gürledim, degişdim – tutuş karýeramda – bu gezek çynlakaý. Men oňa azap baryny görkezmekçi. Meniň nähili işleýändigime serediň” diýip, britaniýaly aýtdy.

Nazarlaryň rekord dueli metbugat maslahatyndan soň başlady. Türgenleriň gözlerini aýyrmakdan ýüz öwrendikleri üçin, onuň arasyny guramaçylar kesmeli boldy we ahyrynda söz tutluşygyna geçildi.
Rewanş 22-nji dekabra geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen) Er-Riýaddaky Kingdom Arena-da bolar. Ýatlap geçsek, maý aýynda geçirilen birinji söweşde Usik ýeňiş gazandy.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....