Tim Szýu WBC-niň çempiony tituly üçin söweşde Sebastýan Fundoradan ýeňildi

  • 20.07.2025 14:08
  • 10k+

19-njy iýuldan 20-nji iýula geçilen gije Las-Wegasdaky “Ti-Mobaýl Arenada” birinji orta agramda WBC-niň çempiony tituly üçin Tim Szýu bilen Sebastýan Fundoranyň arasynda boks söweşi geçirildi. Söweş ýedi raund dowam edip, amerikaly boksçynyň ýeňmegi bilen tamamlandy.

Boks söweşiniň eýýäm birinji raundynda Szýu nokdauna düşdi. Ol dördünji raunda çenli söweşi deňläp bildi, ýöne sekizinji üç minutlyk raunda çykmady. Onuň sekundantlary söweşden çekilmek kararyna geldi.
Szýu üçin bu ýeňliş soňky dört söweşinde üçünji boldy. Ozal ol Bahram Murtazaliýewden (2024-nji ýylyň 19-njy oktýabry) hem-de şol bir Sebastýan Fundoradan (2024-nji ýylyň 30-njy marty) ýeňildi.
Özüniň soňky söweşinde Szýu 2025-nji ýylyň aprel aýynda Jozef Spenserden üstün çykdy.
Indi 30 ýaşly Szýunyň hasabynda 25 ýeňiş we üç ýeňliş bar.
27 ýaşly amerikalynyň hasabynda bolsa 23 ýeňiş, bir ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. 


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....