Tim Szýu indiki söweşini Joui Spensere garşy geçirer

  • 25.02.2025 12:26
  • 4.8k+

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu indiki söweşini amerikaly Joui Spensere garşy geçirer. Bu barada Fox Sports habar berýär.

Söweş 6-njy aprelde Awstraliýanyň Nýukasl şäherinde geçer.
30 ýaşly Tim Szýu orta agramda Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) çempiony we Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wagtlaýyn çempiony titullaryna eýe boldy. Onuň hasabynda 24 ýeňiş (olaryň 17-si nokaut bilen) we iki ýeňliş bar.
Szýu IBF-niň dünýä çempiony tituly üçin geçiren soňky söweşinde guşagyň eýesi, russiýaly Bahram Murtazaliýewden nokaut arkaly ýeňildi.
Spenser 24 ýaşynda bolup, ol 19 söweşde ýeňiş gazandy. Şeýle-de, onuň bir ýeňlişi bar.


25.05.2026 16:52
8.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
10k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

18.05.2026 13:53
2.3k+

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......