Tim Szýu IBF-niň çempion tituly üçin söweşde Murtazaliýewden ýeňildi

  • 20.10.2024 15:46
  • 8.4k+

Boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Kostýa Szýunyň ogly Tim Orlandoda (ABŞ, Florida ştaty) geçirilen söweşde russiýaly Bahram Murtazaliýewden ýeňildi.

Söweş üçünji raundda Murtazaliýewiň tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Szýu russiýaly türgenden birinji orta agramda (69,9 kg çenli) Halkara boks federasiýasynyň (IBF) çempion titulyny alyp bilmedi.
31-nji martda geçirilen soňky söweşinde Szýu amerikaly Sebastýan Fundoradan ýeňlip, karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar bolupdy. Şonda ol birinji orta agramda Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi. 29 ýaşly türgeniň hasabynda professional ringde 26 söweşde 24 ýeňiş bar.
31 ýaşly Murtazaliýew karýerasynda 22 söweşiň ählisinde ýeňdi. Ol IBF-niň çempion titulyny aprel aýynda germaniýaly Jek Kulkaýy nokaut ýagdaýyna düşürip gazandy.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....