Netflix Maýk Taýsonyň durmuşy barada dokumental film düşürer

  • 22.12.2024 23:45
  • 7.2k+

Netflix meşhur amerikaly boksçy we dünýäniň agyr agramdaky öňki absolýut çempiony Maýk Taýson hakda dokumental film döretmäge girişer. Bu barada akym platformasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taslama Taýsonyň durmuşynyň ähli tapgyrlaryny öz içine alar.
Netflix-iň resmi metbugat çykyşynda belleýşi ýaly, "Serial onuň okgunly ýokary galşyndan “uçardaky iň ýaramaz adam” statusyna çenli we tussaglykda oturan döwrüni öz içine alýan, metbugatda giňden beýan edilen  şahsy göreşlerine çenli <...> we ahyrsoňunda bagyşlanmagy ýaly, ellikleriň aňyrsynda gizlenen adamy öwrenýär" diýilýär.
Taýsonyň özi bu taslama gatnaşmagyny möhüm ädim diýip belledi.
Boksçy: “Adamlaryň köpüsi, özlerini öz durmuş hekaýatlarynyň gahrymanlary hökmünde görkezmek isläp, durmuşyna obýektiw garamakdan gorkýarlar. Emma biz  hakykatdanam obýektiw bolan bolsadyk, onda hiç haçan öz durmuş hekaýatlarymyzyň gahrymany bolup bilmezdik ahyry, muny hemmämizem bilýäris. Bu durmuşa goşan goşandymyz barada doly hasabat bermek üçin aýnadaky adamyň ýüzüne seretmek bilen, onuň gowy we erbet taraplaryny kabul etmegi başarmagymyz gerek" - diýdi. Onuň sözlerine görä, Netflix – ömür taryhynyň dünýä derejesine ýetenligi sebäpli, öz hekaýatyny gürrüň bermek üçin iň amatly platforma.


düýn 19:49
3.1k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

düýn 11:29
1.6k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....

15.05.2026 11:36
2.1k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

15.05.2026 11:13
1.1k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....