Taryhda iň gowy agyr agramly boksçular kesgitlendi: birinji orunda amerikaly Mohammed Ali

  • 07.12.2024 12:02
  • 18k+

Abraýly talkSPORT portaly boks taryhynda iň gowy agyr agramly söweşijileriň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny meşhur amerikaly boksçy Mohammed Ali eýeledi. Ol reýtingde Larri Holmsdan we Jorj Formenden öňe geçdi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Lennoks Lýuis we Jorj Freýzer girdi.

Güýçli türgenleriň biri bolan britaniýaly Taýson Fýuri altynjy orunda ýerleşdi. Ýedinji orny Ewander Holifild eýeledi, sekizinji bolsa ýakynda ringe dolanyp, bloger Jeýk Poldan ýeňlen Maýk Taýson boldy.
Doganlar Kliçko – Witaliý we Wladimir, degişlilikde, dokuzynjy we onunjy orunlary eýelediler. Sanawyň yzyny Riddik Boui, Ken Norton, Entoni Joşua, Tim Uizerspun, Maýkl Spinks, Jimmi Ýang, Deonteý Uaýlder, Kris Berd, Maýkl Murer we Erni Şeýwers dowam etdirdi.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....