Biwol bilen Beterbiýewiň arasyndaky rewanşyň boljak resmi senesi yglan edildi

  • 04.12.2024 14:28
  • 12k+

Artur Beterbiýew bilen Dmitriý Biwolyň arasynda ýarym agyr agramda absolýut çempion diýen ady almak ugrundaky rewanş duşuşygy Er-Riýadda geçiriljek boks agşamynyň esasyny düzer. Söweş 2025-nji ýylyň 22-nji fewralynda bolar diýip, Sports.ru habar berýär.

Öňde geçiriljek ýaryşyň esasy kardyny (duşuşyklaryň tertibini) Saud Arabystanyndaky Baş güýmenjeler müdirliginiň başlygy Turki Al eş-Şeýh neşir etdi.
Beterbiýew bilen Biwolyň arasyndaky ilkinji tutluşykda eminler köpliginiň karary bilen Beterbiýew ýeňipdi.
Beterbiýew professional ýaryşda 21 ýeňiş gazandy (20 nokaut bilen). Asly çeçenli türgen ringde Kanadanyň adyndan çykyş edýär.
Gyrgyzystanly türgen Biwolyň hasabynda 23 ýeňiş we bir ýeňliş bar.
WBC-iň wersiýasy boýunça orta agram derejesinde dünýä çempiony dominikaly Karlos Adames (24-1, 18 KO) hökmany bäsdeşi, britaniýaly Hamza Şiraz (21-0, 17 KO) bilen bäsleşer.
Häzirki çempion, britaniýaly Daniel Dýubua bilen täze zelandiýaly Jozef Parkeriň arasyndaky IBF-iň agyr agram derejesindäki guşagyny almak ugrundaky başa-baş söweş boks ýaryşynyň esasy çäresi bolar.
Mundan başga-da, WBC-iň ýeňil agram derejesindäki dünýä çempiony, amerikaly Şakur Stiwenson (22 ýeňiş, 10 nokaut) ýaş bäsdeşi we watandaşy Floýd Şofild (18 ýeňiş, 12 nokaut) bilen duşuşar.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....