21-nji martda, 76 ýaşynyň içinde XX asyryň iň meşhur türgenleriniň biri, amerikaly hünärmen boksçy Jorj Forman dünýeden ötdi.
"Ol özüne berlen ömri sarsmaz ynam, şükür, maksada okgunlylyk bilen ýaşan takwa nesihatçy, wepaly ýanýoldaş, hamrak kaka, buýsançly ata we garry atadyr" – diýip, Formanyň sosial ulgamynda boksçynyň maşgalasynyň beýanatynda aýdylýar.
Forman 19 ýaşynda 1968-nji ýylyň Mehikoda geçen Oýunlarda olimpiýa çempiony boldy. Bäş ýyl soň, ol agyr agram derejesinde dünýä çempiony boldy.
1974-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçen asyryň iň meşhur söweşleriniň biri bolup geçdi. Şonda ýeňilmezek Jorj Forman ady rowaýata öwrülen Mohammed Alä garşy çykyş eden tutluşygynda çempionatlyk adyny gorady. Söweşde artykmaçlyk guşagyň şol wagtky eýesinde hasaplanýardy. Aly ondan ýedi ýaş uludy, ony öň Wýetnamdaky urşa gitmekden ýüz öwrendigi üçin çempionlyk adyndan mahrum edipdiler.
Söweş Forman üçin karýerasynda ilkinji ýeňliş bilen tamamlandy.
Forman iki gezek Jo Freýzeri ýeňip, Ewander Holifildden ýeňlipdi.
1977-nji ýylda professional ringde ikinji ýeňlişinden soň, Forman dynç alşa çykdy we ruhany boldy, ýöne on ýyl soň, ýaşlaryň sport merkezine pul ýygnamak üçin ringe gaýdyp gelmegi karar etdi. 1994-nji ýylda, 45 ýaşynda ol ýene çempionlyk titulyny gazandy, bu ony agyr agram derejesiniň taryhynda iň uly ýaşly çempion etdi.
Ahyrynda hünär karýerasyny 1997-nji ýylda, 48 ýaşyndaka gutarnykly tamamlady.
Forman karýerasynda jemi 81 söweşe gatnaşyp, şolaryň 76-synda (68-sinde – nokaut bilen) ýeňiş gazandy we 5 gezek ýeňildi.