Muhammed Aliniň belli boks elligi auksionda satylar

  • 04.10.2024 15:43
  • 10k+

Muhammed Aliniň britaniýaly Genri Kupere garşy söweşdäki boks elligi onlaýn söwda çykaryldy. Bu barada Stuart Bull Auctions auksion öýi habar berýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Söweş 1963-nji ýylyň 18-nji iýunynda Londonyň “Uembli” stadionynda geçirildi we bäşinji raundda şol wagt Kassius Kleý ady bilen belli bolan Aliniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Söwda çykarylan bu ellik Aliniň tälimçisi Anjelo Dandi tarapyndan döredilen deşik sebäpli boks taryhynda iň belli ellikleriň biri hasaplanylýar. Tälimçi täze ellik gözlenýänçä, Aliniň dördünji raunddaky nokdaundan soň özüni ele almagyna wagt utar ýaly ellikde eýýäm bar bolan deşigi giňeltdi.
Kuperiň awtografy bolan ellikde 2,5 sm uzynlykda deşik bar. BBC-niň maglumatlaryna görä, ol häzirki wagtda Kataryň şa maşgalasynyň agzasyna degişli. 31-nji oktýabrda tamamlanjak onlaýn söwdanyň dowamynda lotuň bahasynyň 8 mln ýewrodan geçmegine garaşylýar.
Muhammed Ali taryhda iň meşhur professional boksçylaryň biri, 1960-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň çempiony, agyr agramda absolýut dünýä çempiony (1964-1966, 1974-1978), bäş gezek “Ýylyň boksçysy” titulynyň we “Onýyllygyň boksçysy” adynyň eýesidir.
Karýerasyny tamamlandan soň, Ali Ýunisefiň hoşmeýilli ilçisi boldy (1998-2008). Ol karýerasynyň dowamynda 61 söweşe gatnaşyp, 56 ýeňiş gazandy (şolardan 37-si – nokaut arkaly).


22.03.2025 17:30
14k+

Taryhda iň beýik boksçylaryň biri Jorj Forman aradan çykdy

21-nji martda, 76 ýaşynyň içinde XX asyryň iň meşhur türgenleriniň biri, amerikaly  hünärmen boksçy Jorj Forman dünýeden ötdi. "Ol özüne berlen ömri sarsmaz ynam, şükür, maksada okgunlylyk bilen ýaşan takwa nesihatçy...

13.03.2025 17:48
14k+

1600 m belentlikde söweş: Podmoskowýeniň asmanynda üýtgeşik boks söweşi geçirildi

Podmoskowýede Serpuhow sebitinde taryhda ilkinji gezek asmanda boks söweşi geçirildi. 1600 metr belentlikde iki söweşiji howa şarynyň gümmezinde söweşip, dünýä rekordyny goýdy diýip, “Çempionat” portaly habar berýär...

22.12.2024 23:45
6.9k+

Netflix Maýk Taýsonyň durmuşy barada dokumental film düşürer

Netflix meşhur amerikaly boksçy we dünýäniň agyr agramdaky öňki absolýut çempiony Maýk Taýson hakda dokumental film döretmäge girişer. Bu barada akym platformasynyň metbugat gullugy habar berdi. Taslama Taýsonyň...

21.11.2024 11:28
16k+

Netflix-iň paýnamalary Taýson – Pol söweşiniň ýaýlyma berilmeginden soň rekord derejä ýetdi

Netflix-iň paýnamalarynyň bahasy bir paý üçin rekord 890,60 dollara ýetdi we bu kompaniýanyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Şeýle ösüş ýakynda boksçy Maýk Taýson bilen bloger Jeýk Poluň arasynda bolan söweşiň...