Netflix-iň paýnamalary Taýson – Pol söweşiniň ýaýlyma berilmeginden soň rekord derejä ýetdi

  • 21.11.2024 11:28
  • 16k+

Netflix-iň paýnamalarynyň bahasy bir paý üçin rekord 890,60 dollara ýetdi we bu kompaniýanyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Şeýle ösüş ýakynda boksçy Maýk Taýson bilen bloger Jeýk Poluň arasynda bolan söweşiň ýaýlyma berilmegi bilen baglanyşdyrylýar. 

Synag görnüşinde geçirilen ýaýlyma beriş tehniki näsazlyklar bilen utgaşdy. Strimiň dowamynda tomaşaçylar şekilleriň doňmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular, bu hem köp sanly nägileliklere getirdi. Netijede, kompaniýanyň paýnamalary wagtlaýyn pese gaçdy. Ýöne söweş tamamlanandan soň, olaryň bahasy ýokarlanyp başlady.
Netflix-iň maglumatlaryna görä, strim 108 milliondan gowrak tomaşaçyny özüne çekdi, bellibir wagtda bolsa ýaýlyma 65 million gurluşdan tomaşa edildi. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy şeýle ýaýlymlary täze strategiýanyň bir bölegi hökmünde görýär. Şol sebäpli göni ýaýlymlaryň, şol sanda sport wakalarynyň we güýmenje şoularynyň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Bu çemeleşme kompaniýanyň adaty telewideniýäniň elementlerini birleşdirmek niýetini görkezýär.


15.05.2026 11:36
2.1k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
4.7k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....