Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

  • 19.04.2026 14:19
  • 2.6k+

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider.

Paýdarlara ýollan hatynda ol bu çözgüdini haýyr-sahawat we beýleki taslamalara köp wagt sarp etmek islegi bilen düşündirdi.

«Netflix meniň durmuşymy köp babatda üýtgetdi, meniň iň gowy görýän ýatlamam bolsa 2016-njy ýylyň ýanwar aýy — şonda biz hyzmatymyzy bütin dünýä üçin elýeterli edipdik» – diýip, Hastings belledi. Şeýle hem ol ulanyjylaryň kanagatlanmasyna aýratyn üns berilmegini, korporatiw medeniýetiň döredilmegini we uzak wagtlap üstünlikli bolmagy başarýan kompaniýanyň ösdürilmegini özüniň goşan iň uly goşandy hökmünde görkezdi.

Hastings Netflix-i 1997-nji ýylda Mark Rendolf bilen bilelikde esaslandyrdy. Ilkibaşda hyzmat poçta arkaly DVD prokaty bilen meşgullanypdy, soňra bolsa film we seriallaryň önümçiligine üns berip başlady. Ol 25 ýyllap baş direktor wezipesini eýeledi.

2025-nji ýylyň dekabrynda kompaniýa Warner Bros. Discovery-ny satyn almak mümkinçiligini göz öňünde tutupdy, emma soň bu söwdadan ýüz öwürdi. 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Netflix ýazylyşyk bahalarynyň gymmatlamagynyň we mahabatdan gelýän girdejileriň artmagynyň hasabyna girdejisiniň 16% ýokarlanandygyny habar berdi, muňa garamazdan kompaniýanyň paýnamalary, takmynan, 8% aşak düşdi.


şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....