«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

  • 14.05.2026 17:28
  • 5.1k+

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok.

Bu habar «Berlin» serialynyň 15-nji maýda çykjak ikinji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda mälim edildi. Striming platformasy özüniň sosial torlarynda: «“Bella Ciao” henizem ýaňlanýar. “Kagyz jaýyň” dünýäsi dowam edýär» diýen ýazgyly wideo paýlaşdy.

Kompaniýanyň wekilleri franşizanyň mundan beýläk hem giňeldiljekdigini aýtdy. Netflix bu serialyň ýapylmak gorkusy astynda bolan ispan taslamasyndan başlap, platformanyň iň meşhur iňlis dilinde bolmadyk şoularynyň birine çenli geçen ýoluny ýatlatdy. «Kagyz jaý» halkara «Emmi» baýragyna mynasyp boldy we özüniň garşylyk görkezme temasy arkaly bütindünýä meşhurlygyny gazandy, «Bella Ciao» aýdymy bolsa iň tanalýan aýdymlaryň birine öwrüldi.

Franşizanyň dolanyp gelýändigi barada Professoryň keşbini ýerine ýetiren aktýor Alwaro Morte hem habar berdi.

Ispan metbugatynyň berýän maglumatyna görä, serialy dörediji Aleks Pina we Vancouver Media studiýasy dört bölümden ybarat täze mini-serialyň üstünde işleýär. Taslama polkownik Tamaýo (oýnan Fernando Kaýo) bagyşlanar. Ýöne Netflix tarapyndan bu taslamanyň täze yglan edilen habar bilen arabaglanyşygy heniz resmi taýdan tassyklanmady.


şu gün 08:26
1.4k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....