Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

  • 15.05.2026 11:36
  • 2.3k+

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi.

Kinonyň režissýorlygyny ozal «Bagtly Gilmor-2» filmini düşüren Kaýl Nýuwaçek amala aşyrar. Üçünji bölegiň ssenarisini bolsa Adam Sendleriň özi Tim Herlihi bilen bilelikde ýazdy.

Filmiň sýužeti we onda başga haýsy aktýorlaryň oýnajakdygy entek ýaşyryn saklanylýar. Taslamanyň prodýuserleri hökmünde Adam Sendler, onuň aýaly Jeki Sendler, Tim Herlihi we Jek Jarraputo dagy çykyş ederler.

«Synpdaşlar» filminiň ilkinji bölegi 2010-njy ýylda ekrana çykypdy. Onda mekdep ýyllaryndaky basketbol tälimçileri ýogalan we uzak ýyllardan soň gaýtadan duşan bäş sany çagalyk dostuň gyzykly başdan geçirmeleri gürrüň berilýär. Birinji filme Kewin Jeýms, Kris Rok, Dewid Speýd, Rob Şnaýder we Salma Haýek ýaly meşhur ýyldyzlar gatnaşypdy.

Onuň dowamy bolan ikinji film bolsa 2013-nji ýylda tomaşaçylara gowuşdy. Şonda aktýorlar düzümine Endi Semberg, Teýlor Lotner we Patrik Şwarsenegger dagy hem goşulypdy.

Filmiň üçünji böleginiň düşürilip bilinjekdigi baradaky gürrüň 2015-nji ýyldan bäri bardy.


23.06.2026 22:06
921

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......