Tim Szýu 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji ýeňşini gazandy

  • 07.04.2025 13:27
  • 6.5k+

6-njy aprelde Awstraliýanyň Nýukasl şäherinde awstraliýaly Tim Szýu bilen amerikaly Jozef Spenseriň arasynda söweş geçirildi.

Meşhur boksçy Kostýa Szýunyň ogly Tim garşydaşynyň bedenine we kellesine yzygiderli urgy urup, söweşi öz peýdasyna tamamlady. Dördünji raundyň gutarmagyna 45 sekunt galanda Spenseriň burçundan polotense zyňyldy.
Bu ýeňiş Tim üçin 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji boldy, ol 2024-nji ýylda Sebastýan Fundoradan we Bahram Murtazaliýewden yzygider iki ýeňlişe sezewar bolupdy.
30 ýaşly Szýu birinji orta agramda WBO Inter-Continental guşagynyň eýesi boldy. Ozal boksçy birinji orta agramda Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) çempiony we Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wagtlaýyn çempiony titullaryna eýeçilik etdi. Indi awstraliýalynyň hasabynda 25 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.
25 ýaşly Spenser ikinji ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 19 ýeňiş bar.
Söweşden soň Tim Szýu öňki çempion Kit Turman bilen söweşmek isleýändigini aýtdy. 


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....